Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmen hökümeti dowam edýän ykdysady we sosial kynçylyklardan nähili çykalga gözleýär?

Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyl bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Synçylar bu kynçylyklaryň hususan-da 2016-njy ýyldan soň has-da ýitileşip, ykdysady krizise öwrülendigini aýdýarlar. Kadasyz azyk üpjünçiligi we giň ýaýran işsizlik ýaly problemalar barada ýurduň dürli künjeklerinden habarlar gelip gowuşýar. Koronawirus pandemiýasy onsuzam bar bolan ykdysady problemalary has-da ýaramazlaşdyrdy.


“Eýsem, türkmen hökümeti dowam edýän ykdysady çökgünlikden nähili çykalga gözleýär? Türkmenistan döwletinde emeldarlar işsizlige we garyplyga garşy nähili göreşýär, umuman göreşýärmi?” Şeýle soraglaryň jogaby köpleri gyzyklandyrýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy şeýle soraglardan ugur alyp, bir ýerli synçy bilen söhbetdeş boldy.




“Hiç hili göreşilmeýär” diýip, synçy çürt-kesik jogap berýär. “Halk aç ölse-de hökümet gol uzatmaýar” diýip, ol dowam edýär.


Döwlet mediasyna diň salsaň, Türkmenistanda “berkararlyk we bagtyýarlyk” zamanasy höküm sürýär; halk bolelin durmuşda ýaşaýar.


Ýöne ýerli synçy wasp edilýän bu gülala-güllügi “diňe kagyz ýüzünde” häsiýetlendirýär.


“Kagyz ýüzünde gülala-güllük bolsa-da, halkyň ýagdaýy gün-günden beterleşýär” diýip, ol aýdýar.


Gysgaça ýatladyp geçsek, ykdysatçylara görä, Türkmenistandaky ykdysady krizis maliýe pudagyna uly zarba urdy. Milli pul daşary ýurt walýutasynyň garşysynda 8-10 esse töweregi hümmetini ýitirdi. Hususy söwdada harytlar, şol sanda azyk önümleriniň bahalary aşa ýokarlandy. Raýatlaryň zähmet haklarynyň ujypsyz ýokarlanmagy olaryň bazar sebedine uly bir goşant goşmady. Satyn alyjylyk ukyby ymykly pese gaçan ilat köplenç döwletiň subsidirlenen azyk önümlerine mätäç boldy. Döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelen azyk nobatlary diňe ulalmak bilen boldy. Häkimiýetler emeli usul bilen nobatlary ýaşyrmaga synanyşsa-da, bu tagallalar azyk üpjünçiliginiň ýagdaýyny gowulandyrmady. Pandemiýanyň fonunda has-da giň ýaýran işsizlik ilatyň gün-güzeran şertlerini barha çylşyrymlaşdyrdy.


“Zähmet biržasy diňe kagyz ýüzünde iş geçirýär” diýip, synçy aýdýar. Onuň sözlerine görä, hususy kärhanalara zähmet biržasynda nobata duran işsiz adamlary iş bilen üpjün etmek soralýar. “Ýöne zähmet biržasyndan ugradylan işgärler bir aýdan artyk işläp bilmeýärler. Sebäbi olar dürli bahanalar bilen işden kowulýar” diýip, synçy aýdýar. Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda islendik işe ýerleşmek üçin para uly rol oýnaýar. “Hususy bolsun, hökümet bolsun, tapawudy ýok, para bermeli. Para bermeseň, hökümet işine asla girip bolmaýar” diýip, ol aýdýar.


Ýurtda dowam edýän işsizlik we iş üpjünçiliginde paranyň roly barada Azatlyk Radiosy ýyllarboýy habar berip gelýär. Synçynyň sözleri bu maglumatlaryň nobatdaky tassyknamasydyr.


Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, hususy kärhanalardan iş tapýan adamlar köplenç üç aýlygyny iş tapmaga kömek eden araçylara geçirmeli bolýar.


“Işsizlik bilen Türkmenistanda şeýle göreşilýär” diýip, synçy aýdýar.


Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ýurduň käbir künjeklerinde subsidirlenen azyk önümleri üç aýda bir gezek paýlanýar. Ýerli synçy azyk krizisiniň arasynda zir-zibilden iýmit dörýän adamlary mysal getirýär.




Şeýle-de, synçy dowam edýän krizisiň arasynda ýurduň dürli künjeklerinde gazanç etmäge mejbur bolýan ýaş çagalary, zibil dörüp, plastik gap gözleýän ýaş ýetginjekleri we beýlekileri mysal getirýär. Ýöne häkimiýetler zibil dörýän adamlary jemagat gullugynyň formasyny geýmäge mejbur etmek arkaly olara päsgelçilik döredýär.


“Bu hem meseläni çözmek däl, ýaşyrmak synanyşygy” diýip, synçy aýdýar.


“Ýeter-ýetmez hojalyklarda ganazlyk, witamin ýetmezçiligi ýaly saglyk problemalaryna köp duş gelinýär. Garyp adam gitdigiçe köpelýär. Pandemiýa döwründe köp iş ýerleriniň ýapylmagy sebäpli garyp düşen adamlar köpeldi” diýip, synçy aýdýar.


Onuň sözlerine görä, ýurduň käbir sebitlerinde gymmatçylykdan aman galmak üçin öz şahsy emläklerini satan adamlar bar.


“Bir döwüm çörek üçin, ýarawsyzlyk üçin adamlar öýsüz-öwzarsyz galýar. Öýsüz galan adamlar bir howluda kwartirant bolup, birnäçe hojalyk bolup ýaşaýarlar. Hatda bir otagy ikä bölüp, iki hojalyk bolup ýaşaýan adamlar bar. Şeýle edilende kireý tölegi arzan düşýär” diýip, ýerli synçy gürrüň berýär. “Eger ony hem töläp bilmeseler, köçede galmaly bolýarlar. Öýsüz galan adamlara hökümet tarapyndan hiç hili kömek ýok” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


“Biziň ýurdumyzda ähli baýlyklar bar, halkymyz az. Kän däl. Halkyň azlygy görnetin göze görünýär. Köp obalarda halkyň azlygy göze ilýär” diýip, ýerli synçy aýdýar.


Türkmenistan tebigy gazyň ätiýaç gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Türkmenistanyň ilat sanynyň 2,7-2,8 million töwereklerindedigini habar berdiler. Resmiler ýurduň ilat sanynyň 6 millionda aşýandygyny aýdýarlar. Ýöne şol bir wagtyň özünde 2012-nji ýylda geçirilen soňky ilat ýazuwynyň netijelerini aýan etmeýärler.


“Birnäçe gatly öýler boş dur. Dükanlarda harytlar satyn alynmansoň, zaýa bolýar” diýip, synçy aýtdy.


Türkmenistanda kaşaň-kaşaň binalaryň gurluşygy ykdysady kynçylyklara garamazdan dowam edýär.




“Hökümet iş adamlaryndan para çöplemän, garyp düşen adamlar üçin, öýsüz-öwzarsyz adamlar üçin gurama döredip berse, sadaka hökmünde şol edaralarda mugtuna nahar bişirip berse, köçelerde dilegçilik edip ýören çagalaryň garnyny doýursa, iş ýerlerine para bilen däl-de adamyň ukybyna görä adamlar işe alynsa biraz hem bolsa döwlet düzelerdi” diýip, synçy aýdýar.


Ýöne onuň sözlerine görä, häkimiýet wekilleriniň korrupsiýa, parahorlyk we tanyşparazlyk bilen meşgullanmagy bu ösüşleriň öňüne geçýär.


Türkmenistan korrupsiýa boýunça halkara hasabatlarynda yzdaky orunlary eýeleýär.


“Dokuň açdan habary ýok” diýip, synçy öz garaýyşlaryny beýan edýär.


“Gysgaça aýdylanda, bizde problema çözülmeýär, problemanyň üsti örtülýär. Bu bolsa ýurduň düzelmegine däl-de, gitdigiçe çökmegine alyp gelýär” diýip, ol sözüni jemledi.


Azatlyk Radiosy synçynyň sözlerini Türkmenistanyň hökümet resmilerine tassykladyp bilmeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net