ÝB döwletleri ýetginjeklere waksina edip başlaýar
ÝB-niň waksinalar boýunça ýerine ýetiriji organy ýetginjeklere waksina etmegi Ýewropanyň Medisina Guramasynyň (EMA) bu ýaş topary üçin sanjymyň ulanylmagyny makullandan soň tassyklady.
ÝB agza 27 döwletiň her biri sanjym kampaniýalaryny ýetginjekleriň arasynda giňeltmek ýa-da giňeltmezlik barada özi karara gelmeli bolar.
Gysga wagtyň içinde Rumyniýanyň premýer-ministri Florin Situ 12 we ondan uly ýaşly çagalaryň COVID-19-a garşy waksinalary 1-nji iýundan alyp biljekdigini aýtdy. Italiýanyň hökümeti hem ýetginjeklere waksina edilmegine rugsat berjekdigini yglan etdi.
Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň hem şeýle etmegine garaşylýar, ýöne käbirleri ilki bilen ululara we wirusa sezewar bolup biljek saglyk problemaly çagalara waksina etmegi ileri tutýarlar.
ABŞ-da we Kanadada BioNTech/Pfizer waksinasynyň 12 we ondan uly ýaşly çagalar üçin ulanylmagy eýýäm tassyklandy.
Bu ýagdaý ABŞ-nyň we Ýewropanyň waksinasiýa kampaniýalarynyň öňe saýlanmagyna, ykdysadyýetleriň açylmagyna we ýokançlyklaryň azalmagy bilen birlikde çäklendirmeleriň ýatyrylmagyna gabat gelýär.