Sadyr Žaparow Türkmenistana sapar etmegi planlaşdyrýar
Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Gazakbaýew bu barada “Sputnik” neşrine aýdypdyr.
Sadyr Žaparow gyrgyz prezidenti hökmünde mundan öň Gazagystana we Russiýa sapar etdi.
Şeýle-de, gyrgyz lideriniň 11-12-nji martda Özbegistana sapar etmegine garaşylýar.
S.Žaparow Gyrgyzystanda geçirilen irki prezident saýlawlarynda ýeňiji bolup, şu ýylyň 28-nji ýanwarynda kasam kabul etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şonda ony wezipä girişmegi bilen gutlap, Türkmenistana sapara çagyrdy.