Kreml dosty Rotenberg Korrupsiýa dawasyny merkezindäki "Putin köşgüne" eýe çykdy
Agasy bilen giň gerimli infrastruktura-gurluşyk kompaniýasyna eýeçilik edýän we soňky bäş ýylda günbatar sanksiýalaryna sezewar bolan Arkady Rotenberg 30-njy ýanwarda, “Maş” Telegram kanalynda çap edilen söhbetdeşlikde gürrüňi edilýän uly köşgüň özüne degişlidigini aýtdy.
"Mundan eýläk bu syr bolmaz, onuň hözrini görýän men [eýesi]" diýip, Rotenberg anyk detallary açmazdan aýtdy.
"Bu gaty çylşyrymly emläk. Ol ýerde kän kreditçi, karzçy bardy, emma ahyrynda onuň özüme galmagyny gazandym”” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Rotenberg anyklaşdyrmazdan bu emlägi "birnäçe ýyl ozal" alandygyny aýtdy.
"Otaglary örän köp" bolansoň, ony kwartiraly myhmanhana öwürmegi planlaşdyrýaryn diýip, ol geljekki planlaryny hem aýňzytdy.
Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasy 19-njy ýanwarda Putin üçin gurlandygy aýdylýan köşk barada derňew netijelerini çap etdi.
Derňewiň awtorlary kaşaň emlägiň azyndan 100 milliard rubl (1,35 milliard dollar) bolandygyny öňe sürýär. Korrupsiýa garşy gaznanyň işgäri Iwan Ždanowyň maglumatyna görä, bu kaşaň emläk barada taýýarlanan wideony gysga wagtda 100 milliondan gowrak adam gördi.