Tramp Kapitolda bolan zorlugy ýazgarýar, Wekiller öýi prezidente ikinji gezek ynamsyzlyk bildirmek barada ses berdi
Tramp bu wideony 13-nji ýanwarda, Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi oňa “pitnä öjükdirmek” diýilýän üçin ynamsyzlyk bildirmek barada karara gol çekýän gabatlary ýaýratdy. ABŞ-nyň Wekiller öýüniň 232 agzasy prezidente ynamsyzlyk bildirilmegini goldap ses berdi, 197 wekil muňa garşy çykdy.
Impiçment ses berişligi bilen Tramp ABŞ-nyň taryhynda iki gezek ynamsyzlyk bildirmek barada karar kabul edilen prezident boldy. Soňky ses berişlikde Wekiller öýünden on respublikan palatanyň impiçment kararyny goldady.
Trampa ilkinji gezek 2019-njy ýylda onuň Ukraina bilen gatnaşyklary sebäpli ynamsyzlyk bildirildi, ýöne Senat 2020-njy ýylda ony aklamak barada ses berdi.
Trampa ynamsyzlyk bildirmek barada kabul edilen soňky karar onuň saýlanan prezident Jo Baýdeniň ýeňşi barada aýdan sözlerine we ýaýradan ýalňyş maglumatlaryna, şol sanda 6-njy ýanwar hüjüminiň öňüsyrasynda geçirilen ýörişde eden çykyşyna salgylandy. Kapitol binasyna edilen hüjümde bäş adam öldi.
Tramp öz ýaýradan wideo ýüzlenmesinde zorlugy berk ýazgardy. “Bu meniň ynanýan ähli zadyma hem-de hereketimiziň manysyna ters gelýär” diýip, ol aýtdy. Ýöne ol impiçment barada ýa-da onuň mähelläni öjükdirendigi barada özüne atylýan aýyplamalara hiç zat diýmän, oňa derek, amerikanlary “häzirki pursatyň hyjuwlaryny ýeňip geçmäge” çagyrdy.