Gazagystan: häkimiýet başyndaky partiýa saýlawlarda öňde barýar, aktiwistler tussag edildi
Gazagystanda çynlakaý oppozisiýanyň bolmazlygynda we paýtagtda hem-de beýleki uly şäherlerde onlarça aktiwistiň tussag edilmeginde geçirilen parlament saýlawlarynda dolandyryjy "Nur Otan" partiýasy ýeňişe golaýlady.
1999-njy ýyldan bäri häkimiýet başynda galýan öňki awtoritar prezident Nursultan Nazarbaýewiň "Nur Otan" partiýasy, 10-njy ýanwarda geçirilen ses berişlik barada jemgyýetçilik pikirleri öwrenýän gözleg instituty tarapyndan geçirilen deslapky barlaglara görä, sesleriň 72% -ini alypdyr.
Beýleki iki partiýa, mejlisiň aşaky palatasynda orun almak üçin zerur bolan 7 göterim çäkden geçmegi başardy.
Halkara saýlaw synçylary Gazagystanda geçirilen saýlawlaryň erkin ýa-da adalatly bolmandygyny aýdýarlar, saýlaw galplyklaryna, oppozisiýanyň kandidatlarynyň repressiýalaryna we erkin metbugata girizilen çäklendirmelere ünsi çekýärler.
Oppozisiýa 10-njy ýanwarda geçirilen ses berişligi boýkot etdi, Nazarbaýewiň iki ýyl ozal döwlet baştutany wezipesinden çekilmegine garamazdan, ýurtda hiç zat üýtgemedi.
Ses berişligiň öňüsyrasynda birnäçe aktiwisti tussag eden, polisiýa saýlaw gününde basyşlaryny dowam etdirdi we ýurduň esasy şäherlerinde onlarça adamy tussag etdi.
Içeri işler ministriniň orunbasary Arystangani Zapparow tussag edilenleriň hemmesiniň boşadylandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň habaryna görä, Zapparow jemi näçe adamyň tussag edilendigi baradaky soraglara jogap bermändir.