Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistana Hindistandan baran uçarda zenan aradan çykdy

Koronawirus pandemiýasynyň başyndan bäri Türkmenistanyň daşynda galan ýurt raýatlary watanyna dolanyp başladylar. 22-nji we 23-nji awgustda Türkmenistan öz raýatlaryny Hindistandan we Belarusdan alyp bardy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň Türkmenistana alnyp barylmagyna degişli käbir jikme-jikleri habar berýärler. Azatlyga mälim bolşuna görä, 22-nji awgustda Deliden Türkmenabat şäherine baran uçaryň bir ýolagçysy ýolda aradan çykypdyr.


"Düýn Deliden 135 adam uçdy. Uçarda bir adam öldi" - diýip Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 23-nji awgustda habar berdi. Oňa yzýany mälim boşuna görä, ýogalan 50-55 ýaşlaryndaky zenanyň onkologiýa keseli bolup, ol emeli dem alyş gurallarynyň kömegi bilen dem alýardy.


Habarçymyz saglyk işgärlerine salgylanyp, zenanyň çiş keselini bejertmek üçin ençeme aý mundan ozal Hindistana barandygyny we howa gatnawynyň kesilmegi sebäpli şol ýerde galmaly bolandygyny aýdýar.Türkmenistan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ewakuasiýa edip başlar




Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Hindistandan baran ýolagçylaryň köpüsi saglyk kemçiligi bolan, hal-ýagdaýy dürli adamlar. Olaryň köpüsi pandemiýa sebäpli uçuşlaryň ýatyrylan wagtynda Hindistanda bejergi alypdyr. Türkmenistana baran uçarda ýolagçylaryň ýanynda iki lukman bolupdyr. Bu uçary Türkmenistanyň Saglyk ministri Nurmuhammet Amannapesow garşy alypdyr.


22-nji awgustda Deliden baran uçaryň 11 sany ekipaž agzasy Türkmenabatdaky Köpugurly keselhanada karantine alyndy. 135 ýolagçy şäheriň ýokanç keseller hassahanasynyň golaýyndaky çadyr düşelgesinde karantine ýerleşdirildi.


Hökümetçi Arzuw.news neşiri, "Türkmenhowaýollarynyň" ýörite uçary bilen Hindistandan Türkmenabada baran uçarda 133 adamyň getirlendigini habar berdi.


Türkmenistan global koronawirus pandemiýasy sebäpli 17-nji martda halkara reýslerini bes etdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri daşary ýurtlarda galan raýatlaryny öýlerine eltmek üçin çäre görýärler.


Halkara uçarlar ýurduň gündogaryndaky Türkmenabat şäheriniň aeroportuna barýar we ýolagçylar karantine salynýar.


Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, aeroportda ýogalçylary barlamak üçin rentgen enjamly medisina nokady bar.


23-nji awgustdan 24-nji awgusta geçýän gije "Türkmen howaýollarynyň" Boeing-777 kysymly uçary Türkmenistanyň raýatlaryny Belarusdan alyp bardy.




Türkmenabatdaky habarçylarymyza görä, baran 247 adamdan, 200 töweregi talyplar bolup, olaryň arasynda COVID-19 diagnozy tassyklananlar hem bolupdyr. Minskden baran uçaryň ekipažy Köpugurly hassahana, ýolagçylar bolsa ýokanç keseller hassahanasyndaky çadyr lagerine 14 günlük karantine ýerleşdirilipdir.


"Türkmenportal" ýarym resmi onlaýn neşirine görä, 9 müňden gowrak türkmen okuwçysy Belarusyň ýokary we orta ýöriteleşdirilen bilim jaýlarynda okaýar.


Türkmenabadyň ýolbaşçylary we ýurduň saglygy saklaýyş ulgamynyň resmileri Deliden we Minskden baran uçarlaryň kabul edilmesine görlen taýýarlyklara aýratyn üns berdiler. Şol günlerde saglygy saklaýyş ministriň we orun orunbasarynyň Türkmenabatda bolandygyny habarçylarymyz aýdýarlar.


"Bu gün ýokardakylara uky ýok. Baş lukmanlaryň we ýokary wezipeli işgärleriň hemmesine ýary gije aeroportda bolmak tabşyryldy. Häkimiň özi şu gün aeroportda bolar, Minskden uçuşy garşy alarlar, geljekleriň köpüsi talyplar. Çadyr lageri şu gün ýene giňeldildi, häzirki wagtda 1000 adam üçin düşek taýýarlandy" - diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 23-nji awgustda Minsk uçarynyň Türkmenabada gonmagynyň öňüsyrasynda habar berdi.


Indiki uçuş 26-njy awgustda bolar diýlip garaşylýar. Ýakyn wagtda Türkmenistan öz raýatlaryny käbir Aziýa we Ýewropa döwletlerinden alyp barar.


Türkmenistanyň hökümeti ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýär.




Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal halkara gatnawynyň ýatyrylmagy sebäpli Hindistanda, Türkiýede we Orsýetde galan türkmen raýatlarynyň kynçylyklary barada habar beripdi.


Garaşsyz habar beriş serişdeleriniň pandemiýa sebäpli daşary ýurtda galan Türkmenistanyň çykgynsyz ýagdaýdaky raýatlary barada beren habarlarynyň fonunda, Türkmenistanyň döwlet we ýarym resmi habar beriş serişdeleri ýurduň daşary ýurtlardaky raýatlaryny ýurda getirmek we olara hemaýat bermek üçin iş geçirýändigini habar beripdi, emma berlen kömegi anyklaşdyrmandy.


Bu aralykda, birnäçe ýurt COVID-19 keseliniň howpy bilen baglylykda öz raýatlaryny Türkmenistandan alyp gitdi.


Hususan-da, 28-nji martda Orsýet öz raýatlaryny Türkmenistandan alyp gitmek üçin uçar gurady. 18-nji iýulda 100-e golaý hindi hünärmeni “Spice Jet” çarter reýsinde Türkmenistandan gitdi. Awgust aýynyň başynda, "Türkhowaýollary" Fransiýanyň gurluşyk kompaniýasy "Buigiň" guramaçylygynda 150 töweregi daşary ýurtlyny Türkmenabatdan alyp gitdi.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net