Beýrutda ele salnan rus eýeçiligindäki gämi bilen ilteşikli bolan partlamada ölenleriň sany köpelýär
Gysga wagtyň içinde Beýruta uly zyýan ýetiren weýrançylykly parlamada ölenleriň sany 137 adama ýetdi. Derňewçiler partlamanyň sebäbini anyklamak üçin liwan paýtagtynyň port galyndylaryny barlaýar.
4-nji awgustda bolan ägirt uly partlamada azyndan 137 adam heläk boldy we azyndan 5,000 adam ýaralandy, onlarça adam ýitdi diýip, Liwanyň Saglyk ministrliginiň metbugat wekili 6-njy awgustda aýtdy.
Partlama portuň bir bölegini ýumurdy we şäher merkezinde giň meýdana zeper ýetirdi. Bu, heläk bolan adamlaryň ahyrky sanynyň has köpdügi barada gorky döredýär.
Resmiler portda köp ýyl bäri howpsuzlyk şertleri berjaý edilmän saklanan partlaýjy häsiýetli dökün ammiak selitrasynyň partlama ýol berendigini aýdýarlar.
Hökümet 5-nji awgustda port işgärleriniň öý tussaglygynda saklanmagyny buýruk berdi.
Media serişdeleri ýarylan ammiak selitrasynyň ol ýere birnäçe ýyl ozal russiýaly işewür Igor Greçuşkinden ele salnan ýük gämisinden düşürilendigini habar berýär
Liwanyň içeri işleri ministri Mohammed Fahmi 5-nji awgustda partlamanyň 2,700 tonnadan gowrak ammiak selitrasynyň ýarylmagy netijesinde ýüze çykandygyny aýtdy.
Fahmi partlaýjy häsiýetli döküniň 2014-ji ýylda bir ýük gämisinden konfiskasiýa edileli bäri port ammarynda saklanandygyny aýtdy.