ABŞ Kongresi Gündogar Ýewropadaky demokratik yza gaýdyşlyga alada bildirýär
ABŞ Kongresi, koronawirus pandemiýasy döwründe transatlantik ýaranlar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýan mahaly, Gündogar Ýewropada demokratik yza gaýdyşlyga alada bildirýär.
Wekil Bill Keating (demokrat – Massaçusets) bilen Dina Titus (demokrat – Newada) 14-nji iýulda Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komitetine öňki kommunistik ýurtlaryň, şol sanda Polşanyň we Wengirýanyň ýolbaşçylarynyň pandemiýany öz häkimiýetlerini berkitmek üçin ulanýandyklaryny aýtdy.
“Biz Gündogar Ýewropada adam hukuklarynyň kemsidilýändigini, žurnalistlere hüjüm edilýändigini we şular ýaly başga-da bir topar zady görýäris. Gynansak-da, biz wirus döwründe bolup geçen demokratik yza gaýdyşyň täsirleri bilen mundan soň köp ýyllap iş salyşmaly bolarys” diýip, Titus aýtdy.
Şeýle-de, Titus Ukrainanyň reformalary yza çekmeginden “aýratyn alada galýandygyny” aýtdy.
Geçen ýyl korrupsiýa garşy göreşmek hem-de ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek wadalary bilen uly ýeňiş gazanan ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý wezipä girişmeginden alty aý soň reformaçy hökümeti işden boşatdy we bu aý ýurduň Merkezi bankynyň başlygy syýasy basyşdan şikaýat edip, wezipeden çekildi.