Erdogan: Hagia Sofiýada ilkinji musulman namazlary 24-nji iýulda okalar
Erdogan musulman dällere Hagia Sofiýanyň içine girmäge rugsat beriljekdigini hem sözüne goşdy.
Türkiýäniň Döwlet geňeşiniň karary hökümetiň 1934-nji ýylda kabul edilen buýrugyny ýatyrdy. Bu metjit ozal, häzirki Türkiýe respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Ataturkyň dünýewileşmek hereketiniň çäginde, muzeýe öwrülipdi.
Hagia Sofiýany metjide öwürmek babatdaky ägirt uly simwoliki göçüm, halkara tankytlaryna, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we prawoslaw hristian ýolbaşçylarynyň tankytlaryna garamazdan, amala aşyryldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň medeni gullugy UNESKO Türkiýäniň kararyna çuňňur gynanýandygyny aýtdy we Wizantiýanyň öňki ybadathanasynyň ýagdaýy barada öňünden gepleşilmändigini belledi.