Nur-Sultan şäheriniň täze ady sebäpli halkara aeroportunyň kody çalşyryldy
Gazagystanyň Senagat we ösüş infrastrukturasy ministrliginiň 8-nji iýunda mälim etmegine görä, dessine güýje giren täze kod mundan beýläk ähli uçar biletlerinde, ýüklerde we informasiýa belgilerinde görkeziler.
Gazagystanyň paýtagtynyň halkara aeroporty 2017-nji ýyldan bäri Nursultan Nazarbaýewiň adyny göterýär, emma ol şu çaka çenli köne koduny ulanýardy.
Öňki TSE kody şäheriň sowet döwründäki Tselinograd ady esasynda döredilipdi. Bu ady şähere 1961-nji ýylda söwet lideri Nikita Hruşew beripdi.
Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň gazak häkimiýetleri şäheriň taryhy Akmola adyny dikeldipdi. Bäş ýyldan soň ýurduň paýtagty Almatydan bu ýere geçirildi. 1998-nji ýylda Akmola şäheriniň adyny Astana çalşyryldy.
2019-njy ýylyň mart aýynda Astana ýurdy 30 ýyl çemesi dolandyran Nursultan Nazarbaýewiň ady dakylyp, ol Nur-Sultan şäherine öwrüldi.