Tramp ABŞ-nyň Owganystandaky esgerlerini çykarmak üçin ‘kesgitli’ wagtyň ýokdugyny aýdýar
“Biz bu ýerde eýýäm 19 ýyl. Meniň pikirimçe, bu ýeterlik... Biz islesek ol ýere hemişe-de dolanyp bileris” diýip, Tramp 26-njy maýda çykyş etdi.
“Entek kesigtlenen wagt ýok. Emma esas boldugy dessine” diýip, Tramp sözüne goşdy.
ABŞ bilen “Talybanyň” fewralda baglaşan ylalaşygyna laýyklykda, Birleşen Ştatlary “Talybanyň” howpsuzlyk borçnamalarynyň öwezine bu ýurtdan esgerlerini çykarmagy öz üstüne alypdy.
Bu aralykda, 26-njy maýda owgan hökümeti 900 “Talyban” jeňçisini türmeden boşatdy.