Tramp koronawirusyň hytaý laboratoriýasy bilen baglanyşygyny tassyklaýan delili gördüm diýýär
Tramp 30-njy aprelde Ak tamda gürläp, özüniň subutnamany görendigini aýtdy, emma gürrüňini anyklaşdyrmady.
Onuň bu sözleri Birleşen Ştatlar bilen Hytaýyň arasynda wirusyň gelip çykyşy üstünde dörän düşünişmezligi has-da çuňlaşdyrjaga meňzeýär.
Tramp ýene bir gezek wirusyň laboratoriýadan ýalňyşlykda syzandygy baradaky gürrüňleri gaýtalady we Hytaýyň onuň ýaýramagynyň öňüni alyp bilmezliginiň mümkindigini öňe sürdi.
Ol, ABŞ-nyň aýdyşy ýaly, wirusyň gelip çykyşy hakynda nädogry maglumat berendigi üçin, Hytaýyň prezidenti Si Jinpingi jogapkär hasaplap-hasaplamaýandygyny aýtmakdan saklanyp, täze tarifleri girizmek haýbatyny aýtdy.
Bu beýanatlar ABŞ-nyň aňtaw agentlikleriniň 30-njy aprelde irden pandemiýanyň Hytaýdaky laboratoriýadan gelip çykandygyny ýa däldigini henizem derňeýändigini aýdan wagtyna gabat geldi.
Agentlikler heniz bu barlagyň dowam edýän wagtynda hem wirusyň “adam tarapyndan döredilmändigini ýa-da genetiki taýdan üýtgedilmändigini” aýtdylar.