Türkmenistan Owganystana 3 ýyllap ynsanperwerlik kömegini berer
Türkmenistanyň prezidenti 2020-2022-nji ýyllarda Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnamany tassyklady.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky degişli karara 20-nji fewralda geçirilen Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol goýdy.
TDH-nyň maglumatyna görä, üç ýyllyk maksatnamanyň çäginde durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň gurluşygy, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň ugradylmagy, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan ýaşlaryna bilim berilmegi amala aşyrylar.
Agyr ykdysady krizisi we maliýe ýetmezçiligini başdan geçirýän Türkmenistan Owganystana kömek bermek baradaky maksatnamanyň çäginde harçlajak maliýe serişdeleri barada maglumat bermedi.