Gazagystanyň günortasynda regional prokuror we howpsuzlyk başlygy wezipelerinden boşadyldy
Baş prokuratura Žambyl regionynyň prokurory Žarkyn Kusaýnowyň, Milli Howpsuzlyk Gullugy hem edaranyň regional şahamçasynyň başlygy Şapaý Samakowyň wezipelerinden boşadylandyklary barada 12-nji fewralda yglan etdiler.
Mundan iki gün öň, gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Žambyl regionynyň häkimi Askar Myrzahmetowy wezipesinden aýrypdy.
7-8-nji fewral aralygynda Masançi, Sortobe, Aukatty we Bulan-Batyr obalarynda ýerli etniki gazaklar bilen asly hytaýly musulman topary bolan dunganlaryň arasynda ýüze çykan gazaply çaknyşyklarda 10 adam ölüpdi.
Hadysada başga-da onlarça adam, şol sanda 19 polisiýa ofiseri ýaralandy, şeýle-de 30-dan gowrak ýaşaýyş jaýyna, 47 ulaga zeper ýetdi.
Şu hepdäniň başynda Žambyl regionynyň polisiýa başlygy, sosial meseleler boýunça häkimiň orunbasary we regionyň Kordaý etrabynyň häkimi wezipelerinden boşadyldy.