Hytaýda täze wirus sebäpli dördünji adam öldi
Hytaý bu täze wirusyň 15 saglyk işgärine ýokuşandygyny hem 20-nji ýanwarda mälim etdi.
Wirus barada ilkinji gezek dekabr aýynda habar berildi.
Bu wirusyň saglyk işgärlerine ýokuşmagy, onuň ozal çak edilişinden, adamlara has aňsatlyk bilen geçýändigini görkezdi.
Bütindünýä Saglyk Guramasy krizisi maslahat etmek üçin 22-nji ýanwarda gyssagly maslahat geçirer.