Tramp Hameneýini ýaňsa aldy, Tährany ‘Eýrany Ýene-de Beýik Etmäge’ çagyrdy
“Bu Eýranyň ‘Ýokary Lider’ diýilýäni, ol soňky döwür onçakly Ýokary hem däl, Birleşen Ştatlara we Ýewropa garşy käbir ýaramaz zatlary aýtdy” diýip, Tramp 17-nji ýanwarda Twitterde ýazgy galdyrdy.
“Olaryň ykdysadyýeti çökýär we adamlary ejir çekär. Ol öz sözlerine juda seresaply bolmalydyr” diýip, Tramp belledi.
“Eýranyň – Amerikany gowy görýän – asylly halky özüni sylatjak bolup adam öldürýän hökümete däl-de, eýse raýatlarynyň arzuwlarynyň amala aşmagyna ýardam berjek hökümete mynasypdyr. Eýranyň liderleri ýurdy harabaçylyga barýan ýoldan sowup, terrordan el çekip, Eýrany Ýene-de Beýik Etsinler!” diýip, Tramp twitinde belledi.
Mundan birnäçe sagat öň, Hameneýi ýurtda agzybirlige çagyrdy. Bu çagyryş Eýranyň howa-goranyş güýçleri geçen hepde Ukrainanyň ýolagçy uçaryny ýalňyşlykda urup ýykandygyny tassyklandan soň möwjän halk gazabynyň arasynda edildi.