Stambulda batan balykçy gämisinden türkmen raýatynyň jesedi tapyldy
Maglumata görä, mundan bir gün öň “Dursun Ali Coşkun” atly türk balykçy gämisi Russiýanyň baýdagy aşagynda hereket eden “Glard 2” tankeri bilen çaknyşandan soňra batypdyr.
Türk balykçy gämisiniň üstünde üç kişiniň bolandygy anyklady we olaryň jesetlerini suwuň düýbünden çykarmak işleri başladyldy.
Gözleg işleriniň dowamynda Türkmenistanyň raýaty bolan Begenç Öwlýagulyýewiň jesedi tapyldy. Onuň jesedi soňy bilen Sud medisina barlag institutyna äkidildi.