Eýran Günbataryň ukrain uçaryny raketa ýykdy diýen pikirini ret etmegini dowam etdirýär
"Bir zat belli, uçar raketa bilen urlup ýykylmady” diýip, Eýranyň awiasiýa häkimiýetleriniň başlygy Ali Abedzadeh 10-njy ýanwarda, ABŞ, Britaniýa we Kanada liderleri aňtaw maglumatlary uçary Eýranyň howa-gorag batereýalary ýykdy diýenlerinden soňra guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.
Abedzadeh bu sözleri Tähran ukrain derňewçileriniň ýykylan uçaryň garyndylaryna baryp görmekelerine rugsat berip, “Boeing” uçaryny öndürijileri we ABŞ-nyň hadysa-derňewi agentligini bu hadysany derňemäge kömege çagyrandan birnäçe sagat soň aýtdy.
Ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiniň edarasy beýanat çap edip, hadysada ýogalan ukrainalylaryň jesetlerini anyklaşdyrmak üçin olaryň garyndaşlarynyň DNA maglumatlarynyň toplanýandygyny aýtdy.
Emma muňa garamazdan, beýanatda “derňewiň anyk detallary aýan etmeginden entek juda irdigi” bellenildi.