Liwana Nissanyň ozalky ýolbaşçysyny tussag etmek boýunça Interpolyň orderi gowuşdy
Liwanyň adalat ministri Albert Serhan 65 ýaşly Ghosny tussag etmek boýunça Interpolyň gyzyl orderiniň gowuşandygyny mälim etdi.
Ghosn Ýaponiýada maliýe galplyklarynda aýyplanýar. Ol aprelde 1 milliard ýen, ýagny 8.9 million dollar möçberinde girewine pul ýatyrypdy.
Emma fransuz, liwan we brazil raýatlygyna eýe bolan telekeçi 31-nji dekabrda beýanat ýaýradyp, onuň öz sözleri bilen aýdylanda “adalatsyzlyk we syýasy yzarlamalar” sebäpli Ýaponiýany terk edip, Liwana aşandygyny aýtdy.
Liwan bilen Ýaponiýanyň arasynda ekstradisiýa etmek ylalaşygy ýok.