Pakistanyň öňki harby lideri Muşarraf ölüm jezasyna höküm edildi
Yslamabadyň ýörite sudunyň üç adamdan ybarat topary bu baradaky karary, ençeme ýyl dowam eden sud derňewinden soň, 17-nji dekabrda yglan etdi.
1999-2008-nji ýyllar aralygynda Pakistany dolandyran öňki güýçli lider häzirki wagt Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde sürgünlikde ýaşaýar. Pakistanyň sudy Muşarraf baradaky hökümi gaýybana görnüşde çykardy.
1999-njy ýylda Muşarraf gan döküşiksiz harby agdarylyşygyň netijesinde ýurduň şol wagtky premýer-ministri Nawaz Şarifi häkimiýetden agdardy we soňra özi prezident boldy.
2007-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Muşarraf Pakistanyň konstitusiýasyny wagtlaýyn saklap, ýurtda adatdan daşary dolandyryşy girizdi. Ol impiçment ähtimallygyndan gaça durmak üçin 2008-nji ýylyň awgustynda wezipesinden çekilipdi.