Türkiýe Peter Handke Nobel baýragynyň gowşurylmagyny ‘boýkot’ edýär
Türkiýäniň Şwesiýadaky ilçisi Stokgolmdaky baýraklaryň gowşurylyş dabarasyna gatnaşmajakdygyny aýtdy.
Geçen hepde soňy türk hökümeti Şwesiýanyň Akademiýasyna ýüzlenip, Handkeni sylaglamak baradaky kararyny üýtgetmegi sorapdy.
Kosowanyň daşary işler ministri Beghjet Pakolli Şwesiýadaky ilçisine dabarany ‘boýkot’ etmegi tabşyrandygyny aýtdy. Ol: “Miloşewiçi we onuň Bosniýadaky hem Kosowadaky gennosidini goldaýan ýazyjy Nobel baýragyna mynasyp däldir” diýdi.
Albaniýanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Gent Çakaý hem meňzeş beýanat bilen çykyş etdi.
Stokgolmyň merkezinde Handke garşy protest geçirmek üçin ýüzlerçe adamyň toplanmagyna garaşylýar.