Gyrgyzystanda ozalky premýerleriň ikisine korrupsiýa sudunda ýyl kesildi
Swerdlowsk etrap sudunyň sudýasy Inara Gilýazetdinowa 6-njy dekabrda Isakowa çykarylan hökümi yglan edende, onuň emläkleriniň konfiskasiýa edilýändigini, diplomatik durumynyň ýatyrylýandygyny hem aýtdy.
Korrupsiýa boýunça geçirilen galmagally sud seljerişligi ozalky prezident Almazbek Atambaýewe ýakyn durandygy aýdylýan ozalky ýokary derejeli resmileriň birnäçesini öz içine aldy.
Gilýazetdinowa ozalky premýer-ministrleriň ýene birine, Jantoro Satybaldiewe 7.5 ýyl türme möhletini bermek hökümini yglan etse, Milli energiýa holdinginiň ozalky başlygy Aýbek Kaliýewe 15 ýyl türme tussaglygy hökümini çykardy.
Ozalky resmileriň ýene birnäçesi 2.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilse, beýlekilerine jerime salyndy.
Sud edilenler, aýdylmagyna görä, öz wezipelerini elektrik stansiýasyny döwrebaplaşdyrmak üçin şertnamaçy gözlenýän wagtynda hytaý kompaniýasynyň bähbitleriniň haýryna ulanmakda hem-de gyrgyz döwletine we jemgyýetine zyýan ýetirmekde aýyplandy.