Gyrgyzystanyň Stambuldaky ozalky wekili tussag edildi
Gyrgyzystanyň döwlet milli howpsuzlyk komiteti onuň tussag edilendigini 28-nji noýabrda, Sopokow bu wezipeden boşadylandan iki hepde soňra yglan etdi.
Aýerken Saýmaýti 10-njy noýabrda Stambulda öli tapyldy. Sinjiaňly etnik uýgur öldürilmezinden öň Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýatlar barada maglumat berýän guramanyň we Kloop habar saýtynyň bilelikde geçiren derňewleri üçin Gyrgyzystandan 700 million çemesi dollaryň bikanun çykarylyşy hakynda maglumat berdi.
Gyrgyzystanyň prokuratura edarasy 22-nji noýabrda bu derňew netijesinde habar berlen maglumatlary, hususan-da “nämälim adamlaryň Saýmaýtä gaýta-gaýta ölüm haýbatyny atandyklary we munuň ony Türkiýä gaçmaga mejbur edendigi” barada aýdylýanlary derňemek üçin jenaýat işini açdy.
Türk mediasy Saýmaýtiniň awtoulagynyň “galp” belgiler bilen Gyrgyzystanyň konsullygynda hasaba alnandygyny habar berdi.
Emma muňa garamazdan, gyrgyz DIM-i 12-nji noýabrda ol awtoulagyň Sopokowa degişli bolandygyny we onuň diplomatik ygtyýarnamasynyň konsullykda kanun esasynda hasaba alnandygyny aýtdy.