Tramp ABŞ-nyň owgan “Talybany” bilen gepleşiklerini dikeldendigini aýdýar
“Talyban” ylalaşyk baglaşmak isleýär we biz olar bilen duşuşýarys” diýip,Tramp 28-nji noýabrda Kabulyň demirgazygyndaky Bagram howa bazasynda žurnalistlere aýtdy.
“Biz atyşyklar bes edilmeli diýdik we olar atyşygy bes etmek islemediler, indi olar atyşygy bes etmek isleýärler. Bu, belki-de, şeýle edilende ýol alar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Trampyň sapary iki sany günbatar zamunynyň üç sany talyban tussagy bilen çalşylmagy netijesinde uzaga çeken “talyban” bendiliginden boşadylmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.