Dubaýda prezidentiň giýewisiniň ýolbaşlygyndaky Türkmen konsullygy açyldy
Açylyş dabarasyn Dubaýyň dolandyryjysynyň orunbasary, maliýe ministri Şeýh Hamdan bin Raşid al Maktum, wise-premýer, türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow, BAE-niň Türkmenistandky ilçisi Hasan Abdulla Al Adhab, ýerli resmiler we daşary ýurt diplomatlary, metbugat wekilleri gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Reşit Meredow dabarada eden çykyşynda konsullygyň açylmagyny Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň oňyn ilerlemesiniň aýdyň mysaly hökmünde häsiýetlendirdi.
Türkmenistanyň BAE-däki baş konsuly Yhlasgeldi Amanow Dubaýda türkmen konsullygynyň açylmagynyň türkmen-emirat gatnaşyklarynyň ähli ugur boýunça ösmegine saldamly goşant goşjakdygyny aýtdy.
Garaşsyz neşirlerde çykan maglumatlara görä, Y.Amanow Türkmenistanyň prezidentiniň gyzy Güljahan Berdimuhamedowanyň adamsy bolup, 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Germaniýadaky, Belgiýadaky we Angliýadaky ilçihanalarynda jogapkärli işledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ony sentýabryň aýagynda Türkmenistanyň Dubaýdaky baş konsuly wezipesine belledi.