Owgan hökümeti tussaglykdaky ýokary derejeli jeňçileri günbatarly zamunlar bilen çalyşmaga taýar
Tussaglar häzir Bagram türmesinde saklanylýar diýip, owgan prezidenti Aşraf Ghani 12-nji noýabrda mälim etdi.
Tussaglar diňe “Talybanyň” amerikaly Kewin Kingi we awstraliýaly Timothy Weeksi azatlyga goýbereninden soňra boşadylar diýip, Ghani belledi.
60 ýaşly King we 48 ýaşly Weeks 2016-njy ýylyň awgustynda “Talyban” tarapyndan alnyp gaçylypdy.
Kabul Anas Hakkaniden başga-da, “Talybanyň” ýene iki ýokary derejeli wekiliniň: Hafiz Raşid Mariniň we Haji Milli Khanyň hem azat ediljekdigini aýtdy.
“Olar ABŞ-nyň gözegçiliginde Katara ýollanar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran owgan resmisi Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.