Türkmenabatda tatuly aýal-gyzlar soraga çekilýär. Munuň mümkin bolan sebäpleri nämeler bolup biler?
Tatu näme? Onuň saglyga täsiri barmy? Näme üçin käbir adamlar öz bedenine tatu basdyrýar? Türkmenabatda häkimiýetler näme üçin hususan-da Türkiýeden ýurda dolanan adamlaryň arasynda tatuly adamlary gözleýär, olary soraga çekýär!? Bu günki gepleşigimizde şeýle soraglaryň töwererginde gürrüňdeşlikler geçirilýär.
Gepleşigimiziň başynda braziliýaly tatu ussasy Thiago Depont bilen 8-nji noýabrda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Ikinji bölümde türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen gadagançylyk we adamlaryň galypa salynmagy ýaly temalary öz içine alýan söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza ýetirýäris.