ABŞ Siriýadan 1 müň esgerini çykaryp başlady
Bu aralykda, Siriýadaky kürt güýçleri Türkiýäniň hüjümlerine garşy durmak üçin Siriýa hökümetinden hemaýat almak barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper Türkiýäniň hüjümlerini ilki başdaky planlaryndan has ilerletmek meýilleriniň bardygyna “çalym edýändigini” aýtdy.
Türkiýe kürtleriň ýolbaşçylygyndaky Siriýanyň Demokratik Güýçleri toparyny yza tesdirmegi maksat edinýär. Ankara bu toparyň 30 ýyl çemesi bäri Türkiýede kürt awtonomiýasy üçin göreşýän Kürdistanyň Işçiler Partiýasynyň bir bölegidigini öňe sürýär.
Esperiň maglumatyna görä, Siriýanyň Demokratik Güýçleri türk güýçlerine garşy ýaranlygy gurmak ugrunda Siriýanyň we Russiýanyň hökümetleri bilen gepleşikleri geçirýär.
BMG Türkiýäniň hüjümleri netijesinde 130 müň töweregi adamyň öýlerini terk etmäge mejbur galandyklaryny aýtdy.