Öňki prezident paýlaşylan häkimiýet gürrüňlerini ret edýär, 'dönükleri' gozgalaň synanyşygynda aýyplaýar
Awtoritar sowet dolandyryşy astynda kemal gelen 79 ýaşly syýasatçy mart aýynda prezidenti kän galmagalsyz, ýöne ägirt uly täsir astynda, ozalky premýer-ministr we öňki diplomat Kasym-Žomart Tokaýewi öz ornunda oturtmak bilen täzeledi, ýöne
Nazarbaýew şindem öz “milletiň lideri” derejesiniň we onuň berýän amatlyklarynyň, şol sanda jogapkärçilige çekilmezligiň hözirini görýär wekuwwatly Howpsuzlyk geňeşine, onuň gapdalyndan uzak wagt bäri ýurdy dolandyrýan Nur-Otan partiýasyna ýolbaşçylyk edýär.
Ol Habar TW-siniň soraglaryna jogap berip, haçanda Tokýaew özünden “geňeş-maslahat” alanda, munuň Gazagystanda “goşa häkimiýet” hökmünde düşündiriljek bolmagyna “hiç bir deliliň” ýokdugyny aýtdy.
Nazarbaýew bu hili “gep-gürrüňler Gazagystanda durnuklylygyň bolmagyny islemeýän adamlar tarapyndan başlandy” diýdi.
Ol sözüni dowam etdirip, “Gazagystan prezident diolandyşy ulggamyndaky unitar döwlet” diýdi.
66 ýaşyndaky Tokaýew iýun aýynda, saýlawlary sorag astyna alýan protestçileriň tussag edilmegi bilen inagurasiýa edildi, halkara synçylary prezident saýlawlarynda “düzgün bozmalaryň giň ýaýrandygyny” aýtdylar.
Soňky aýlarda Gazagystanda syýasy durgunlaşma we Hytaýyň täsirleriniň artmagy üstünde guralan protestler ýygjamlaşdy we bu ýagdaý pikirini aýdýanlaryň tussag edilmegine hem-de ozalam berk bolan howpsuzlyk çäreleriniň has güýçlendirilmegine alyp geldi.