Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy Efiopiýanyň premýer-ministrine berildi
2019-njy ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna Efiopiýanyň premýer-ministri Abiý Ahmad eýe boldy. Bu onuň goňşy Eritrea bilen 20 ýyla golaý dowam eden urşy bes etmek ugrundaky tagallalary üçin berildi.
Nobel Komiteti bu baradaky kararyny 11-nji oktýabrda Osloda mälim etdi.
Iki ýurt serhet dawalary sebäpli 1998-2000-nji ýyllar aralylygynda söweşipdi. Emma, uruşdan soň hem dargynlylyklar dowam edýärdi.
Abiý 2018-nji ýylyň aprelinde häkimiýet başyna geçeninden soňra Eritreanyň lideri Isaisas Afwerki bilen serhet dawalaryny bes etmek boýunça parahatçylyk ylalaşygyny baglaşdy.
Mundanam başga, ol syýasy tussaglary azat etdi we aýallaryň hak-hukuklary ugrunda öňegidişlikleri gazandy.
Baýrak bilen bir million şwed krony, ýagny $900 müňe golaý pul sylagy hem berilýär. Ol 10-njy dekabrda Osloda gowşurylar.