Türk harbylary Siriýa hüjümini dowam etdirýärler
Türkiýäniň gury ýer güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky kürt güýçlerine garşy hüjümlerini tertip ikinji gün dowam etdirýärler.
“Biziň edermen harbylarymyz Parahatçylygyň Gözbaşy Hereketiniň çäklerinde Ýefratyň gündogary boýunça ilerlemegi dowam etdirýärler” diýip, Türkiýäniň Goranmak ministrligi 10-njy oktýabrda Twitterde ýazgy galdyrdy.
Şeýle-de, onda türk harby güýçleriniň nyşana alan maksatlaryny eýeländikleri hem bellenilýär.
Mundan öň, türk harby güýçleri howa zarbalarynyň netijesinde 181 nyşanany urandyklaryny hem mälim etdiler.
Bu aralykda, kürtleriň ýolbaşçylygyndaky Siriýanyň Demokratik Güýçleri serhet ýakalaryndaky obalarda “agyr çaknyşyklaryň” dowam edýändigini aýdýar.
Olar Ras al-Ain we Tal Abýad şäherlerine edilen hüjümleri yzyna gaýtarmagy başarandyklaryny belleýärler.
Siriýadaky kürt resmileri Türkiýäni “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň söweşijileri saklanylýan Gamyşly şäherindäki türmäni hem oka tutup, jeňçileriň gaçmagyna mümkinçilik döretmek synanyşygynda aýypladylar.
Prezident Rejep Taýyp Erdogan harby operasiýanyň netijesinde, Ankaranyň terrorist hökmünde häsiýetlendirýän, kürt söweşijilerinden azat “gorag zonasyny” döretmegiň maksat edinilýändigini aýtdy. Erdogan bu ýerde siriýaly bosgunlaryň hem saklanjakdygyny aýtdy.
Türkleriň harby operasiýasy prezident Donald Trampyň sebitden ABŞ esgerlerini çykarmak baradaky buýrugyndan soň başlady. Trampyň bu hereketi hem ABŞ-da, hem-de halkara derejesinde aladalary döretdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo PBS telekanalyna beren interwýusynda, hamala, ABŞ-nyň Türkiýäniň hüjüme geçmegine mümkinçilik berendigi baradaky öňe sürülýän aýyplamalary “ýalan” atlandyrdy. Ol Waşingtonyň Ankara hüjüm üçin “ýaşyl yşyk” bermändigini belledi.
Ol Türkiýäniň “howpsuzlyk boýunça kanuny aladalarynyň” bardygyny hem sözüne goşdy.
10-njy oktýabrda 15 agzadan ybarat BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýa boýunça maslahat geçirer.
12-nji oktýabrda 22 döwletden düzülen Arap Ligasy hem Türkiýäniň hüjümi bilen baglylykda gyssagly mejlis geçirer.