Yrakdaky protestlerde öldürilenleriň sany 93-e ýetdi
Yrak parlamentiniň adam hukuklary komissiýasy 5-nji oktýabrda Bagdatda we ýurduň günorta şäherlerinde bäşinji gün dowam edýän köpçülikleýin protestlerde ölenleriň sanynyň 93 adama ýetendigini aýtdy.
Paýtagtda 5-nji oktýabrda hroniki işsizlige, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň ýaramazlygyna, giň ýaýran korrupsiýa garşy başlan protestlerde 4 müňe golaý adam ýaralandy diýip, hukuk komissiýasy aýtdy.
Häkimiýetler günorta welaýatlardaky protestleriň pidalarynyň möçberlerini tassyklamagy haýalladyp, hakykatda interneti petiklenen ýagdaýa saldylar.
Soňky ölüm maglumatlary tanymal yrak ruhanysy Moktada al-Sadr ýygjamlaşýan protestlere jogap edip, hökümeti işden çekilmäge, BMG-niň gözegçiligi astynda irki saýlaw geçirmäge çagyrandan bir gün soň berildi.
Premýer-ministr Adel Abdul-Mahdi 4-nji oktýabrda irden telewideniýede çykyş edip, protestçileriň “kanuny talaplaryna” jogap bermegi wada berdi, ýöne Yragyň problemalarynda “jadyly çözgüdiň” ýokdugyny aýtdy.
Şu aralykda Yragyň baş şaýy ruhanysy aýotolla Ali al-Sistani taraplary, giç bolmanka, zorluklary bes etmäge çagyrdy.