Putini Kremlden kowmaga barýarka tussag edilen ýakut şamany bir gijelik öýüne goýberildi
Aleksandr Gabyşewiň goldawçysy Wiktor Ýegorow AÝ/AR-a 20-nji sentýabrda şamana bir gijäni öýünde geçirmek rugsadynyň berlendigini, onuň 21-nji sentýabrda tussaghana dolanmalydygyny aýtdy.
"Ol derňew wagtynda tussaghanada bolar. Ol maňa özüniň häzirki syýasy gurluşy agdarmaga synanyşmak aýyplamasy esasynda sud ediljekdigini aýtdy. Bu onuň maňa aýdan zady, bu ekstremizm aýyplamasy ýaly bir zat bolup görünýär” diýip, Ýegerow gürrüň berdi.
Şamanyň ýene bir goldawçysy Ýewgeniý Rostokin AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde Gabyýşewiň sudda özüniň bigünädigini subut etmäge taýýardygyny aýtdy.
“Onuň aklawçysy bar. Emma goşmaça ýuridiki kömekleri hem berilse artykmaçlyk etmezdi. Eger adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler kömek berse, biz minnetdar bolardyk” diýip, Rostokin Sibir sebitiniň üç şäheriniň, Çitanyň, Irkutskiniň we Ulan-Udeniň ýaşaýjylarynyň Gabyşewiň azat edilmegini talap etmek üçin ýygnanyşyklary geçirmegi planlaşdyrýandyklary hem sözüne goşdy.