Waşington saudlylaryň nebit desgalaryna edilen hüjümi derňeýär, Pompeo saudlylar bilen maslahatlaşmaga barýar
Pens 17-nji sentýabrda Waşingtondaky Miras fondunda sözlän sözünde Birleşen Ştatlar bu hüjümiň arkasynda Eýranyň durandygyny aňladýan subutnamalary gaýtadan gözden geçirýär we prezident Donald Tramp “öňdäki günlerde görülmeli iň gowy çäreler” barada karara gelmezinden öň ýaranlary bilen maslahatlaşýar diýdi.
ABŞ-nyň ady aýdylmadyk üç resmisiniň aýdan sözleri sitirlenýär, olar 14-nji sentýabrda saudlylaryň nebit ýatagyna we dünýäniň iň uly çig nebit işleýän kärhanasyna urlan zarbalaryň, ganatly raketalaryň we dronlaryň günorta-günbatar Eýrandan uç alandygyny öňe sürýär.
Eýran özüniň Ýemeniň huti gozgalaňçylary tarapyndan boýun alnan howa hüjümlerine dahylynyň ýokdugyny aýdýar. Eýran tarapyndan goldanylýan huti pitneçileri bu hüjümde özleriniň dronlary ulanandyklaryny aýdýarlar.