Alym özüni otlandan soň, Orsýeti dil dürlüligini goramaga çagyrdylar
Orsýet, göni we gytaklýayn diskriminasiýany aradana aýyrmak bilen, lingiwistik dürlüligi ýok edýän syýasatyny goýbolsun edip, özüniň alyp barýan dil syýasatyna gaýtadan seretmeli diýip, HRW-nyň 12-nji sentýabrda çap eden beýanatynda aýdylýar.
Şondan iki gün ozal, Udmurtiýa sebitiniň paýtagty Ižewskde, regional parlamentiň binasynyň öňünde özüni otlan Albert Razin hassahanada jan berdi.
Onuň galdyran plakatynda “Eger ertir meniň dilim öljek bolsa, men şu gün ölmäge taýýar” diýen ýazgy bardy.
79 ýaşyndaky Razin 2018-nji ýylyň iýun aýynda ýazylan açyk hata gol çeken ýerli ekspertleriň biridi. Ol hatda edilen çagyryşa garamazdan, Orsýet geçen ýyl regionlarda we respublikalarda rus däl milletleriň dilleriniň hökmany okadylmagy baradaky kanuny ýatyrýan kanuny kabul etdi.