Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana sapar eder
Duşuşygyň barşynda diplomatlar türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy, şeýle-de iki ýurduň regional we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary hakynda maslahatlaşdylar.
“GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň geljekki duşuşygyna, şeýle-de Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana etjek jogap saparyna öz wagtynda we ýokary hilli taýýarlyk görülmegi örän möhüm” diýip, N.Nyýazlyýew nygtady.
Mundan öň türkmen prezidenti Gyrgyzystana 2015-nji ýylyň awgustynda sapar edipdi.