“Talyban” parahatçylyk ylalaşygynyň taslamasyna garaýar
Jeňçi toparynyň liderleri Owganystan bilen Pakistanyň serhet araçäginde, anyk ýeri aýdyňlaşdyrylmadyk sebitde hödürlenýän ylalaşygyň şertlerini seljerýärler.
“Talybanyň” Pakistandaky ýokary derejeli bir wekiliniň AFP agentligine beren maglumatyna görä, “Şuranyň, ýagny geňeşiň ähli wekillerine taslama gowşurylypdyr, şeýle-de olar häzir ony gözden geçirýärler”.
Emma, ol “Kataryň paýtagty Dohada gepleşikleri alyp barýan topara hiç hili yşaratyň ýollanmandygyny” hem sözüne goşdy.
Olaryň jogaby “bir ýa iki güne çekmegi mümkin”, sebäbi “Talybanyň” ýolbaşçylary umumy bir nokada gelmeli diýip, “Talyban” resmisi aýtdy.
Bu aralykda, parahatçylyk gepleşiklerine ýolbaşçylyk edýän ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň “bir-iki” günüň içinde Kabula sapar edip, ylalaşyk barada prezident Aşraf Ghanä maglumat berjekdigi aýdylýar.
“Talyban” ABŞ tarapyndan goldanylýan Kabulyň hökümeti bilen gönümel gepleşikleri geçirmekden ýüz öwrüp gelýär.