Täjigistanyň ÝOJ-da türkmen studentleriniň sany şu ýyl çürt-kesik azaldy
Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanlylaryň sany şu ýyl çürt-kesik azaldy. Täjigistanyň bilim resmileriniň mälim eden soňky sanlaryna görä, şu ýyl diňe bir Duşenbäniň pedagogika uniwersitetine Türkmenistandan diňe üç adam giripdir. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysy şu ýyl Täjigistanyň bu ýokary okuw jaýynda Türkmenistandan diňe üç okuwçynyň bilim aljagyny, geçmişde bolsa, bu ýerde türkmen abuturientleriň sanynyň 1000 adamdan köp bolandygyny belleýär. «Türkmenistanyň... Читать дальше...