Gyrgyzystanyň içeri işler ministriniň ozalky orunbasary öý tussaglygyna ýerleşdirildi
Bişkegiň Birinji Maý etrap sudy 27-nji awgustda giçlik Asanowyň 13-nji oktýabra çenli öý tussaglygyna ýerleşdirilmelidigi barada höküm çykardy. Ol 8-nji awgustda Atambaýew bilen gepleşikleriň dowamynda wezipe borçlarynyň çäginden çykmak aýyplamasy boýunça derňelýär.
Mundan öň, ýagny 13-nji awgustda Asanow “gyrgyz polisiýasynyň bähbitlerine dönüklik etmek we ynamy ýitirmek” kesgitlemesi bilen wezipesinden boşadylypdy.
Baş prokuraturanyň beren maglumatyna görä, Asanow we onuň kömekçisi Damirbek Paýzylda Uulu 7-8-nji awgustda Atambaýewiň tarapdarlary bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky gapma-garşylygyň dowam edýän pursady, ozalky prezidenti we onuň tarapdarlaryny gizlin maglumatlar bilen üpjün etmekde aýyplanýar.
Atambaýewiň öýünde bolan gapma-garşylykda ýörite güýçleriň hataryndan bir ofiser heläk boldy, başga-da 170 töweregi adam ýaralandy.