Ukraina bilen Orsýetiň jemi 66 tussagy çalyşjakdygy aýdylýar
RBK media topary ady aýdylmaýan rus çeşmelerine salgylanyp, 22-nji awgustda 33 ukrain raýatynyň berilmegini we 33 rus raýatynyň alynmagyny öz içine alýan alyş-çalşygyň basym boljakdygyny habar berdi.
Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow RBK-a Moskwa bilen Kiýewiň tussaglary alyşmak barada gepleşik geçirýändigini tassyk etdi, emma anyk zat aýtmady.
Bir çeşmäniň RBK-a aýtmagyna görä, ozal ukrain raýaty bolan we Ukrainada ýokary dönüklik aýyplamasynda aýyplanan rus žurnalisti Kiril Wişinskiý alşyljak tussaglaryň sanawyna girizilmedi, sebäbi Moskwa onuň doly boşadylmagyny isleýär.
Şeýle-de, ukrain kinorežissýory Oleh Sentsowyň çalşyljak tussaglaryň arasynda bolup-bolup bolmajagy aýdyň däl.