ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa boýunça wekili Russiýada ilçi bolmak teklibinden ýüz öwürdi
Biegun häzir Seulda Günorta Koreýanyň resmileri bilen gepleşikleri geçirýär. Ol Phenýangyň taýýar bolan pursady, ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa bilen gepleşikleri ýaňadandan başlatmaga taýýarlyk görýändigini hem mälim etdi.
“Men Russiýa Federasiýasynda diplomatiki wezipäni öz üstüme almakçy däl. Muňa derek, men Demirgazyk Koreýa boýunça öňegidişlikleri gazanmak ugrunda tagalla etmekçi” diýip, Biegun belledi.
Mundan bir gün öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp döwlet sekretarynyň orunbasary Jon Sulliwanyň (John Sullivan) Waşingtonyň Russiýadaky nobatdaky ilçisi “bolmagynyň gaty mümkindigini” aýtdy.
Şu aýyň başynda ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi Jon Huntsman Jr. özüniň bu wezipeden çekilýändigini yglan edipdi.