ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Kabula we Katara sapar edýär
1-nji awgusta çenli dowam etjek saparyň çäginde Halilzad Katara hem barar. Bu sapar Owganystanda konfliktiň soňuna ýetjek parahatçylyk prosesi ýeňilleşdirmek üçin umumy tagallalaryň bir bölegidir” diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti mälim etdi.
Kabulda Halilzad “parahatçylyk prosesiniň nobatdaky ädimlerini” maslahat etmek üçin owgan hökümeti bilen konsultasiýalary geçirer. Bu maslahatlar “owganara gepleşiklere gatnaşjak milli araçy toparyny kesgitlemegi” hem öz içine alar.
Kataryň paýtagty Dohada ABŞ-nyň diplomaty “Talyban” bilen gepleşikleriň täze tapgyryny geçirer.