Eýranyň döwlet TW-si Yslam rewolýusiýa sakçylarynyň daşary ýurt tankerini ele salandygyny aýtdy
Telewideniýäniň 18-nji iýulda beren maglumatyna görä, bu tanker eýranly gaçakçylardan daşary ýurt müşderilere ýangyç alyp barýarka, strategik taýdan ähmiýetli Hormuz bogazyndaky Eýranyň Larak adasynyň günortasynda ele salyndy.
Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habarynda tankeriň ady ýa-da onuň haýsy ýurda degişlidigi, ekipaž agzalarynyň niredendigi ýa-da tankeriň haçan ele salnandygy barada maglumat berilmeýär.
Bu habar ýük ýüklenen gämileri yzarlaýan TankerTrackers onlaýn gullugyň çap eden maglumatynyň yzýanyna gabat geldi. Bu maglumatda 14-nji iýulda Birleşen Arap Emirlikleriniň “MT Riah” gämisiniň Eýranyň suwlaryna geçendigi we onuň iň soňky görnen ýeriniň Hormuz bogazyndakyKeşm adasynyň bolandygy aýdyldy.
Ýöne Eýran ýurduň Yslam rewolýusiýa sakçylary tarapyndan ele salnan tankeriň “MT Riah” gämisidigini häzirlikçe tassyklamady.