Ýokary sud gyrgyz oppozision lideriniň işine sereder
Bu diňlenişikler iki syýasatçynyň aklawçylarynyň talaby boýunça geçirilýär. Olar bu işdäki esasy şaýadyň, rus biznesmeni Leonid Maýewskiniň syýasatçylaryň iki ozal bolan sudunda beren görkezmesinde ýalan sözländigini aýdýarlar.
Tekebaýew we onuň iş şärigi, ozalky adatdan daşary ýagdaýlar ministri Çotonow para almakda günäli tapylyp, 2017-nji ýylyň awgustynda hersi sekiz ýyl iş kesildi.
Olaryň ikikisi-de bikanun iş edendigini inkär etdi.
Tekebaýew, Ata-Meken partiýasynyň lideri bu suduň syýasy sebäpli bolandygyny, özüni 2017-nji ýyldaky prezident saýlawlaryndan çetleşdirmek üçin gurnalandygynyaýtdy.