Tbilisiniň polisiýasy gözegçiligi ele aldy, protestçiler dolanmagy wada berdiler
Adamlar rus deputatynyň gelip, Gürjüstanyň parlament binasynyň içinde spikeriň ornuna geçip oturmagyna gahar etdiler. Oppozisiýa liderleri 21-nji iýun güni irden Tbilisiniň köçelerinde ikinji gije protestine hem dolanyp gelmegi wada berdiler.
“Biz Rustaweli köçesinde ýene [öýlän sagat 7-de] duşuşarys. Biziň adamlar bilen hereket planyny ylalaşmagymyz gerek” diýip, Täze Gürjüstan partiýasynyň lideri Jorj Waşadze (George Vashadze) aýtdy.
Tbilisidäki häkimiýetler 21-nji iýun güni irden öten agşam parlament binasynyň daşynda howpsuzlyk işgärtleri bilen protestçileriň arasynda ir sagatlara çenli dowam eden gapma-garşylyklar netijesinde 70 çemesi adamyň, şol sanda 39 polisiýa ofiseriniň ýaraly bolandygyny aýtdylar.
Ýerli media birnäçe adamyň tussag edilendigini habar berdi, emma jikme-jiklikler eleýeterli bolmady.
Polisiýa märekäni dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin ok ulandy we ir sagat 5-lerde protestçileriň ählisi diýen ýaly protest meýdanyndan gitdi.
“Hökümetiň bu günki eden zady halka garşy doly bikanun hereket” diýip, Waşadze aýtdy.
Jemgyýetçilik gahar-gazaby 20-nji iýunda, rus deputaty Sergeý Gawrilow Gürjüstanyň parlament binasynda spikeriň ornuna geçip oturanda başlandy.