Türkmenistan, Owganystan TOPH geçirijisini giňeltmek ylalaşygyna gol çekdi
Turgundy-Hyrat we Akina-Andhoý demirýol taslamalaryny, Hyrat şäherine elektrik energiýasyny ibermek taslamasynygiňeltmek, şol sanda TOPH we TOP taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ylalaşyklara gol çekildi.
Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan 2016-njy ýylyň ýanwarynda 10 mlrd dollar bahalanýan TOPH taslamasynyň gurluşygyna başladylar diýip, habarda aýdylýar. Mundan ozal bu taslamanyň bahasynyň 8 mlrd dollar boljagy aýdylypdy.
Şu aralykda Pakistanyň TOPH-yň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna badalga berilmezden ozal, Türkmenistandan gazyň bahasyna täzeden seredilmegini soraýandygy habar berildi.