ABŞ Eýrany ýene tanker hüjüminde aýyplady, Ýakyn Gündogara goşmaça esger iberdi
Pentagon 17-nji iýulda köpüsi ABŞ-nyň harby-how güýçleriniň dikuçarlaryndan düşürilen we eýran güýçleriniň ýapon eýeçiligindäki “Kokula Courageous” nebit tankeriniň töweregindäki ýarylmadyk minany aýyrýan şekilleri görkezýäne çalymdaş suratlary çap etdi.
Waşington bu suratlaryň hadysanyň bolan ýerindäki delilleri aýyrmaga synanyşyk bolup görünýändigini aýtdy. Pentagon şol günüň özünde bu tanker hüjümi sebäpli Ýakyn Gündogara 1 müň çemesi goşmaça esger iberjekdigini yglan etdi.
Iş başyndaky goranmak sekretary Patrik Şanahan bu esgerleriň “Ýakyn Gündogardaky howa, deňiz we gury ýer wehimlerine garşy goranyş maksatlary esasynda” iberilýändigini aýtdy.
Ol Birleşen Ştatalryň “ýagdaýa ýakyndan syn etjekdigini we aňtaw maglumatlary hem-de anyk wehimler esasynda, zerur bolan halatynda ýaragly güýçler derejesinde goşmaça çäreleriň görüljekdigini” hem sözüne goşdy.