Omanyň aýlagynda hüjüme sezewar bolandygy habar berlen tankerler we olaryň ekipažy halas edildi
13-nji iýunda bolan bu waka Birleşen Arap Emirlikleriniň golaýynda dört tankere hüjüm edilmegi bilen pars aýlagynda Tähran bilen Waşingtonyň arasynda dartgynlygyň artmagyndan bir aý soňa gabat geldi.
Gämi operatorlary Batyr Kokuka tankeriniň 21 ekipažynyň hem-de Front Altairdan 23 adamyň howpsuz ýagdaýda hala edilendigini aýtdy.
Eýranyň döwlet metbugaty gämide dörän ýangyndan soň Eýranyň 44 adamy halas edendigini hem-de olaryň eýran portuna geçirilendigini habar berdi.
Ekipažyň bir agzasynyň çala ýaralanandygy aýdylýar.
Ýapon hökümeti tankerleriň “ýaponlara degişli” ýüki daşaýandygyny aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň Bahreýinde ýerleşýän 5-nji Deňiz floty özüniň biraz ozal betbagtlyk signalyny alandygyny aýdyp, Birleşen Ştatlaryň Deňiz flotynyň gämileriniň ýardam berýändigini belledi.
Britan Deňiz güýçleri tarapyndan dolandyrylýan Birleşen Şalygyň Deňiz söwda operasiýalary howpsuzlyk topary sebitde “aşa seresaplylyga” çagyrdy.