Regional topar Orsýeti we beýleki Wenezuela ýaranlaryny Madurony gyraklatmakda kömege çagyrýar
“Lima Group” 6-njy iýunda çap eden beýanatynda “Nikolas Maduronyň bikanun hökümetini goldaýn ýurtlar, hususan-da Orsýet, Hytaý, Kuba we Türkiýe bilen aragatnaşygy çuňlaşdyrmagyň, olary regiona barha kän täsir ýetirýän krizisi çözmegiň bir bölegine öwrülmäge çagyrmagyň ähmiýeti” nygtalýar.
“Lima Group” 2017-nji ýylda, Maduronyň ýolbaşçylygynda uzaga çeken Wenezuela krizisine çözgüt tapmak üçin döredildi.
Häzirki beýanat Guatemala şäherinde bolan duşuşykdan soň çap edildi, oňa agza ýurtlar - Argentina, Brazil, Kanada, Çili, Kolombia, Kosta Rika, Guatemala, Honduras, Panama, Paraguay we Peru gol çekdi.